Iň täze habarlar

Türkmen hünärmenleri öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak babatda bilimlerini ýokarlandyrýarlar

19.06.2024 | 11:43 |
 Türkmen hünärmenleri öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak babatda bilimlerini ýokarlandyrýarlar

Ählumumy ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak  ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan “Köpsanly bähbitler üçin Aral deňziniň sebitindäki ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary we ýer serişdelerini gorap saklamak hem-de durnukly dolandyrmak” taslamanyň çäklerinde öri meýdanlaryny we aýratyn goralýan tebigy çäkleri durnukly dolandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahaty Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde geçirildi hem-de ýerli hünärmenleriň we hususy bölegiň wekilleriniň öri meýdan maldarçylygyny ösdürmekde nazaryýet bilimlerini ýokarlandyrmaga hem-de ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Şeýle hem olar öri meýdanlara baha bermegiň täzeçil usullary bilen tanyşdylar.

ORIENT news

Foto: instagram.com/undp_turkmenistan

Şeýle hem okaň: