Aşgabatda BMG-niň NJM-niň başlangyjynyň çäklerinde gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň sebitara ýygnagy geçirildi
19.06.2024 | 11:13 |Türkmenistanyň paýtagtynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy sebitara duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň gümrük gullugynyň saýty habar berýär.
Duşuşyk Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Türkiýäniň Söwda ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibine Port gözegçiligi toparlarynyň arasynda ýokary töwekgelçilikli ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak usullaryny döretmek, bu başlangyjyň «Ýokary töwekgelçilikli ýükler üçin sebitleýin duýduryş ulgamy – RECASIS» atly bölegini durmuşa geçirmek meseleleri girizildi. Gatnaşanlar «ContainerCOMM» ykjam goşundysyny kämilleşdirmek we mundan beýläk-de durmuşa geçirmek hem-de Täjigistanda we Özbegistanda täze Port gözegçiligi toparlaryny döretmek barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem BMG-niň NJM-niň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy maksatnamasynyň hem-de Gümrük gulluklarynyň sebitara ulgamyny we Port gözegçiligi toparlaryny döretmek baradaky özara düşünişmek barada Ähtnamany durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler, mümkinçilikler we ileri tutulýan ugurlar esasy ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar boldy.
ORIENT news