Iň täze habarlar

«iOS 18» emeli hemra aragatnaşygy arkaly habar ibermäge mümkinçilik berer

13.06.2024 | 10:55 |
 «iOS 18» emeli hemra aragatnaşygy arkaly habar ibermäge mümkinçilik berer

Meşhur «iMessage»habarlaşma programmasyna emeli hemra arkaly habar ibermek mümkinçiligi giriziler.

Bu täzelik «Apple» tarapyndan her ýyl geçirilýän Işläp düzüjileriň bütindünýä maslahatynda (WWDC) yglan edildi.

Bu mümkinçilik «iPhone 14» we ondan soňraky smartfon ulanyjylaryna hatda öýjükli ýa-da Wi-Fi aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirilmedik ýagdaýynda hem tekst habarlaryny, stikerleri we reaksiýalary ibermäge we almaga mümkinçilik berer. Bu adaty aragatnaşygyň köplenç kesilip işleýän çetki we barmasy kyn bolan sebitleriň ýaşaýjylary üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

«iMessage» beýleki peýdaly aýratynlyklar bilen hem üpjün ediler. Hususan-da, belli bir wagtda iberilmeli habarlary mýilnamalaşdyrmak, stikerler bilen jogap bermek, tekstiň üstünde işlemek boýunça giňeldilen sazlamalar (goýy, kursiw, aşaky çyzylan, üsti çyzylan) mümkinçiligi giriziler.

«iOS 18» operasion ulgamy gizlinlik we howpsuzlyk ulgamlarynda täzelenmeleri hem getirer. Mysal üçin, käbir programmalara we hyzmatlara girmek indi goşmaça ulanyjy tassyklamasyny talap edip biler. Mundan başga-da, smartfonyň ekranyny sazlamak üçin giňeldilen mümkinçilikler bolar, ykjam goşundylaryň nyşanlarynyň ýerleşişini we daşky keşbini üýtgetmek sazlamasy peýda bolar.

Umuman, «Apple-iň» operasion ulgamynyň täze nusgasy ulanyjy tejribesini ep-esli derejede ýokarlandyrar we enjamlaryň işleýşini giňelder.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: