Iň täze habarlar

Türkmen telekeçileri hyzmatdaşlyk üçin Gazagystana çagyrylýar

05.06.2024 | 09:25 |
 Türkmen telekeçileri hyzmatdaşlyk üçin Gazagystana çagyrylýar

Türkmenistanyň telekeçileri Astana we Almaty şäherleriniň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Gazagystana çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.

Işewürlik sapary “Astana” diplomatik kluby tarapyndan 24-27-nji iýun aralygynda guralar. Bu sapar türkmen işewürlerine Gazagystandaky kärdeşleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga, täze hyzmatdaşlary tapmaga we özara bähbitli şertnamalary baglaşmaga ýardam berer.

Saparyň çäklerinde Gazagystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de işewürleri bilen duşuşyklary geçirmek, senagat kärhanalaryna baryp görmek meýilleşdirilýär.

Gatnaşmak üçin goşmaça maglumaty şu telefon belgisine jaň edip alyp bilersiňiz: + 993 62 60-68-85

“Astana” diplomatik kluby diplomatik korpusyň, dolandyryş edaralarynyň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we döredijilik işgärleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin özgerişli meýdança bolup durýar. Bu klub 2018-nji ýylyň 2-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Diplomatik gullugynyň gününde döredildi.

ORIENT news

Foto: export.mb92.ru

Şeýle hem okaň: