Türkmen telekeçileri “Hytaý-Ýewraziýa” halkara sergisine çagyrylýar
01.06.2024 | 09:50 |Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy iýunynda HHR-niň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý-Ýewraziýa” 8-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.
Bu çärä hytaý-ýewraziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ilerletmek üçin möhüm meýdança bolup durýar. Sergi Hytaýyň we Ýewraziýa ýurtlarynyň işewür wekillerine täze harytlar we tehnologiýalar bilen tanyşmaga, şeýle hem hyzmatdaş tapmaga mümkinçilik berýär.
2024-nji ýylda bu sergi has giň möçberde geçiriler. Sergi meýdançasy 100 müň inedördül metr meýdany eýelär we onda 3 sany esasy bölek:
Maýa goýum hyzmatdaşlygynyň sergi bölegi;
Halkara sergi bölegi;
Energetika, maşyngurluşyk, tekstil we egin-eşik, sanly tehnologiýalar, oba hojalyk we azyk önümleri, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ýöriteleşdirilen pudaklaýyn sergi bölümleri dörediler.
Eksport sergisiniň dowamynda açylyş dabarasy hem-de “Týan-şan” forumy ýaly möhüm çäreler, şeýle hem degişli ulgamlar boýunça maslahatlar, hytaý we daşary ýurt medeniýetleriniň hepdeligi hem-de maýa goýumlary çekmek boýunça çäreleriň toplumy geçiriler.
Gatnaşmaga isleg bildirýänler +99312 21-23-64/75 belgiler boýunça ýüz tutup bilerler.
ORIENT news