Iň täze habarlar

Aşgabat – Awaza awtobus gatnawynyň petekleri satuwa çykdy

30.05.2024 | 12:48 |
 Aşgabat – Awaza awtobus gatnawynyň petekleri satuwa çykdy

Aşgabat – Awaza ugry boýunça täze awtobus gatnawynyň petekleri satuwa çykdy.

Petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň döwlet hyzmatlar portalynda onlaýn satyn almak mümkindir. Bir petegiň bahasy – 75 manat.

Aşgabadyň Halkara awtomenzili bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny birleşdirjek täze gündelik gatnaw 1-nji iýundan işe giriziler. Bu ugur paýtagt bilen Hazar deňziniň kenaryndaky meşhur dynç alyş zolagynyň arasynda amatly we elýeterli ulag gatnawyny üpjün eder.

Awtobuslar aşakdaky tertibe laýyklykda hereket ederler:

Aşgabat – Awaza: A.Nyýazow şaýoly, 422-de ýerleşýän Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden sagat 06:00-da ugraýar.

Awaza – Aşgabat: «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesindäki awtoulag duralgasyndan 13:00-da ugraýar.

Has giňişleýin maglumat almak we petekleri bronlamak üçin aşakdaky maglumatlardan peýdalanyp bilersiňiz:

Telefonlar: 44-35-30, 44-35-20

Saýt: www.auh.com.tm

Poçta: auhyzmaty@sanly.tm

ORIENT news

Foto: auh.com.tm

Şeýle hem okaň: