Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa – Italiýa formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy

30.05.2024 | 12:05 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa – Italiýa formatyndaky ministrler konferensiýasyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Rim şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasy geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamak we pugtalandyrmak meselesinde, halkara giňişliginde özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmegiň täsirli guraly hökmünde türkmen Bitaraplygynyň ýokary ornuny belläp, sebit howpsuzlygy, ekologiýa, ulag, suw serişdelerini dolandyrmak, geçiş energiýasy we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn üns berdi.

2.jpg

Ýokarda agzalan forumyň çäklerinde üç sany tematiki bölümçeler geçirildi: «Geçiş energiýasy we ählumumy çagyryşlar», «Baglanşyk» и «Ýokary bilim we bilim ulgamlary».

Taraplar «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan orta möhletli hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga ylalaşdylar.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: