28-nji iýunda Eýranda nobatdan daşary Prezident saýlawlary geçiriler
21.05.2024 | 00:35 |28-nji iýunda Eýranda nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Saýlawlar merkeziniň metbugat sekretary Mohsen Eslami habar berdi.
«Mehr» agentligi onuň sözlerini getirýär: «28-nji iýun [Eýranyň taryhyndaky] on dördünji Prezident saýlawlarynyň geçiriljek güni hasap edilip bilner». Eslami «Konstitusiýanyň goragçylarynyň geňeşine dalaşgärleri hasaba almaklygy 28-nji maýda başlamagyň teklip edilendigini» aýtdy.
Konstitusiýanyň goragçylarynyň geňeşi Eýranda parlamentiň ýokary derejeli organy bolup, Mejlisiň (parlamentiň) deputatlary tarapyndan kabul edilen kanunlaryň Konstitusiýa laýyklygyny seljermekden başga-da, saýlawlara dalaşgärleri tassyklamaklyga hem jogapkärdir. Şeýle hem ol iň möhüm hökümet wezipelerine, şol sanda döwlet Baştutanlygyna dalaşgärleri tassyklaýar.
IRNA döwlet habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, ýurtda 14-nji Prezident saýlawynyň geçiriljek güni kazyýetiň, ýerine ýetiriji we kanun çykaryjy häkimiýetleriň ýolbaşçylarynyň duşuşygyndan soň yglan edildi.
Dalaşgärleri hasaba almak 30-njy maýda başlar, wagyz-nesihat çäreleri bolsa 12 – 27-nji iýun aralygynda geçiriler. Raisi heläkçiligiň bolan wagty, ýekşenbe güni Eýran – Azerbaýjan serhedinde bendiň açylyş dabarasyndan gaýdyp gelýärdi. Heläkçilikde Eýranyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahian, Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň häkimi Malik Rahmeti we Töwriz welaýatyndan ymam aýatolla Ali Haşim hem aradan çykdy.
Duşenbe güni Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber Prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde bellenildi. Betbagtçylygyň sebäplerini derňemek üçin topar döredildi.