Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa we ýeňil senagat pudaklarynyň önümleri, şeýle hem gurluşyk serişdeleri ýerlenildi

28.05.2024 | 12:45 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa we ýeňil senagat pudaklarynyň önümleri, şeýle hem gurluşyk serişdeleri ýerlenildi

Duşenbe güni, 27-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagat pudaklarynyň önümleri, şeýle hem gurluşyk serişdeleri ýerlenildi.

Owganystandan we Türkiýeden telekeçiler «TPP D 30 S» we «TPP D382 BF» kysymly polipropileni, «SN-600» we «SN-350» kysymly başlangyç ýagy, şeýle hem «A4009 MFN 1325» kysymly polietilenden öndürilen 10 litrlik bedreleri satyn almak boýunça «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini we aşgarlanmadyk «Ranfors» nah matany satyn almak barada türkmen kompaniýalary bilen geleşikleri baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 2 548 899,20 manada we ABŞ-nyň 26 905 121,20 dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: