Iň täze habarlar

Geçen hepdede TDHÇB-nyň söwdalarynda 24 geleşik hasaba alyndy

28.05.2024 | 09:40 |
 Geçen hepdede TDHÇB-nyň söwdalarynda 24 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda 24 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” DK tarapyndan öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, uçar we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK tarapyndan öndürilen karbamidi we gidrawlika ýagy satyn aldylar.

Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million 185 müň manat bolan float aýnany satyn aldylar.

Turkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: