Iň täze habarlar

«Türk aşhanasynyň hepdeliginiň» çäklerinde Aşgabatda çäre geçirildi

24.05.2024 | 14:40 |
 «Türk aşhanasynyň hepdeliginiň» çäklerinde Aşgabatda çäre geçirildi

21 – 27-nji maý aralygynda Türkiýede we daşary ýurtlarda «Türk aşhanasynyň hepdeligi» halkara maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Bu çäre milli tagamlary wagyz etmek maksady bilen, Türkiýäniň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdoganyň başlyklyk etmeginde geçirilýär.

«Türk aşhanasynyň hepdeligi» Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan utgaşdyrylýar. Maksatnamanyň çäklerinde ýurduň dünýädäki diplomatik wekilhanalary tagamlary wagyz etmek üçin dürli çäreleri we sosial ulgamlarda dabaralary geçirýärler.

Şeýlelikde, şuňa meňzeş çäre Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan hem guraldy.

Myhmanlara Türkiýäniň Egeý sebitiniň däp bolan tagamlary hödürlendi. Tagamnama dürli görnüşli zeýtunlar, peýnir, meşhur tarhana çorbasy, müžwer (gabak byzmygy), ysmanakly byzmyk, Izmir usulynda taýýarlanan köfte we goýy doňdurmaly injir süýjüligi bar.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok ýygnananlara ýüzlenip, milli saçaklaryň türk halkynyň jomartlygynyň, aragatnaşyga we raýdaşlyga bolan söýgüsiniň beýanydygyny aýtdy. Sahylyk bilen bezelen saçak türkleriň myhmansöýerligini, myhmana aýratyn hormat goýulýandygyny görkezýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: