Brýusselde Hazar üsti ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri boýunça maslahat geçirildi
21.05.2024 | 00:05 |Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň mümkinçilikleri we Hazar üsti halkara ulag geçelgesiniň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Çärä Ýewropa Komissiýasynyň, ÝB-niň ulag meseleleri boýunça baş müdirliginiň, Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň we ÝB-niň beýleki guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ulag we logistika kompaniýalary ulgamyndaky dürli barlag guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
“Tegelek stol” maslahatyna gatnaşyjylar ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjyny we Hazar üsti halkara ulag geçelgesiniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag baglanyşyklarynyň durnukly ösmegi üçin ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Şeýle-de bu ulag geçelgäniň esasan hem beýleki ugurlaryň durnuksyzlygy sebäpli sebitdäki söwdanyň durnuklylygyna we ösmegine ep-esli goşant goşup biljekdigi bellenildi, diýip bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.
Hazar üsti halkara ulag geçelgesi diňe bir Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky aklymara baglanyşyk hökmünde däl, eýsem sebitara söwdasyny goldamak we ÝB, Türkiýäniň, Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň arasynda üznüksiz üpjünçiligi herekete getirmek üçin serişde hökmünde görülýär.
Şeýle hem taraplar Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Parlamentiniň täze düzüminiň Hazar üsti halkara ulag geçelgesiniň mundan beýläk-de ösdürilmeginde we ösmeginde möhüm orny eýelejekdigi bellenildi. Wodorod, gün we ýel energiýasyna täze maýa goýumlary söwdany ösdürýär we üznüksiz üpjünçiligi emele getirýär. Merkezi Aziýada ulag taslamalary üçin utgaşdyryjy mehanizmiň döredilmegi ÝB bilen Merkezi Aziýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşygy ösdürmäge ýardam bermeldir.
Türkmenistanyň ilçisi ýurduň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin Hazar üsti ulag geçelgesini ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Geografiki ýerleşişi we ulag infrastrukturasyna ep-esli maýa goýumlary sebäpli Türkmenistanyň strategiki ähmiýetini we bu işdäki ornuny belläp geçdi. 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistan ýollaryň, demir ýollaryň, howa menzilleriniň we deňiz portunyň gurluşygyna 15 milliard dollardan gowrak maýa goýdy. Gurluşygynyň bahasy 1,5 milliard dollara bararbar bolan we häzirki zaman terminallary arkaly 25 million tonna dürli ýükleri dolandyrmak mümkinçiligine eýe bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2018-nji işe başlady.
Türkmenistan maýa goýumlaryny çekmek we port dolandyryşynda öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak üçin ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bäş müň kilometrden gowrak demir ýol döwrebaplaşdyryldy, bu bolsa ýurduň içinde we sebitleriň arasynda ygtybarly ulag aragatnaşygyny üpjün edýär.
Uzynlygy 600 km töweregi bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ikinji tapgyry tamamlandy, bu bolsa harytlaryň üstaşyr daşalşyny ep-esli tizleşdirer we sebitara ulag baglanyşyklaryny gowulandyrar.
Ilçi şeýle hem ulag geçelgelerini ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlara we forumlara Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygyny belledi. Brýusselde geçirilen maýadarlar forumynda Türkmenistan öz taslamalaryny hödürländigini we halkara maýadarlaryň hem-de logistika kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekdi. Türkmenistan mundan beýläk hem ulag infrastrukturasyny ösdürmegi şol sanda täze demir ýollaryň we awtoulag ýollarynyň gurluşygyny dowam etmegi, şeýle hem Global Gateway başlangyjyna işjeň gatnaşmagy özüne maksat edinýär.
ORIENT news