Iň täze habarlar

Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen, serhetýaka ýollaryny giňelder

22.05.2024 | 09:40 |
 Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen, serhetýaka ýollaryny giňelder

Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin serhetýaka ýollaryny giňeltmegi maksat edinýär.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin gazagystanly kärdeşi Serik Žumangarin bilen Kazanda geçiren duşuşygyndan soňra aýtdy.

“Biz öz tarapymyzdaky ýollary giňeldýäris, olar bolsa öz tarapyndaky ýollary. Netijede ýokary hilli we howpsuz bu ýollar diňe bir biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrman, eýsem beýleki ýurtlara hem geçmäge mümkinçilik berer” diýip, Husnullin özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýzdy.

“Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi ýük daşamalary we söwda üçin päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlarynyň bu ugurdaky kanunçylygynyň mundan beýläk-de uýgunlaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bileleşigiň çäklerinde bitewi üstaşyr ulgamy hakyndaky Ylalaşyk taýýarlanylýar.

2023-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlarynyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň 62 göterim artdandygyny bellemek gerek.

ORIENT news

Foto: eurasia.expert

Şeýle hem okaň: