Iň täze habarlar

Ženewada Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

15.05.2024 | 20:13 |
 Ženewada Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) prezidenti Mirýana Spolýariç-Egger bilen duşuşdy.

Wekilhananyň habar bermegine görä, 14-nji maýda geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň gün tertibi we Türkmenistan bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary barada pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ynsanperwer meseleler, hususan-da Merkezi Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogaryň sebitlerinde ynsanperwer işleriň mümkinçilikleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýamak, maglumat serişdeleri, ilatyň maglumat elýeterligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem taraplaryň arasynda bar bolan ikitaraplaýyn hukuk binýadyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda 28-31-nji oktýabrda Ženewada geçiriljek “kesgitsizligi ýeňip geçmek - adamzady güýçlendirmek” atly 34-nji halkara maslahatyna türkmen tarapynyň gatnaşmagy aýratyn mowzuk boldy. Bu maslahat, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl ýarymaý Hereketiniň wekilleri bilen Ženewa konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda häzirki we geljekdäki meseleleri ynsanperwer ýörelgeleriniň ýollary bilen çözmekde diolog üçin meýdança bolmakdan hem-de türkmen tarapynyň muňa gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

ORIENT news

Foto: BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy

Şeýle hem okaň: