Iň täze habarlar

Aşgabada Beýik Britaniýanyň DIM-niň ýolbaşçysy geldi

23.04.2024 | 23:53 |
 Aşgabada Beýik Britaniýanyň DIM-niň ýolbaşçysy geldi

23-nji martda, sişenbe güni Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron paýtagtymyza sapar bilen geldi.

Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasy tarapyndan ilkinji gezek Türkmenistana amala aşyrylan bu taryhy saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna garaşylýar.

Ozal ORIENT-iň habar berşi ýaly, Dewid Kemeronyň Aşgabada gelmeginiň öňüsyrasynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlonuň gatnaşmagynda türkmen tarapy bilen birnäçe resminamalara gol çekildi.

ORIENT news

Foto: Instagram/ukinturkmenistan

Şeýle hem okaň: