Iň täze habarlar

Türkmen ilçisi Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň başlygy bilen duşuşdy

24.04.2024 | 18:23 |
 Türkmen ilçisi Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň başlygy Muhammed Falih Al Hajiriniň arasasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Katar Döwletiniň Raýat Awiasiýa müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama boýunça durmuşa geçirilmäge degişli bolan meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, türkmen tarapy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ulag-kommunikasiýa toplumynyň howaýollary ulgamynyň hil taýdan ösüşi, ýetilen sepgitler hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda amala aşyrylan işler barada nygtap geçdi.

Katar howa ýollarynyň dünýäniň dürli künjeklerine uçýandygyny nygtamak bilen, Katar Döwletiniň geografiýa taýdan ýerleşişi, ykdysady nukdaýnazardan üstaşyr gatnawlar üçin aýratyn amatly bolup durýandygy, halkara howa gatnawlaryny üçin ygtybarlylygy hem-de howpsuz üstaşyr uçuşlary amala aşyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigi barada bellenildi.

Şeýle hem Doha halkara howa menzili daşary ýurtly köpsanly awiakompaniýalar hyzmatdaşlyk edýändigi barada bellenildi.  

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: