Iň täze habarlar

Pakistanyň premýer-ministri Türkmenistan bilen dialogy ýokary derejede işjeňledirmegiň möhümdigini aýtdy

19.04.2024 | 01:06 |
 Pakistanyň premýer-ministri Türkmenistan bilen dialogy ýokary derejede işjeňledirmegiň möhümdigini aýtdy

Päkistanyň premýer-ministri Muhammad Şehbaz Şarif Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, esasan hem söwda, energetika we aragatnaşyk pudaklarynda gatnaşyklary ilerletmäge gyzyklanma bildirdi. Bu babatda premýer-ministr çarşenbe güni Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçirilen duşuşykda öz pikirini beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda sebitleýin taslamalar we başlangyçlar boýunça özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda premýer-ministr iki ýurduň arasynda ýokary derejeli alyşmalary işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem Muhammad Şehbaz Şarif ikitaraplaýyn institusional mehanizmleriň çäklerinde yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetini hem belläp geçdi.

Ilçi premýer-ministre bu wezipä gaýtadan saýlanmagy mynasybetli türkmen ýolbaşçylarynyň gutlaglaryny ýetirdi. Premýer-ministr gutlaglary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Muhammad Şehbaz Şarif olar bilen duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny we geljekde hem bu duşuşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň ilçisi premýer-ministre meýilleşdirilýän dürli ikitaraplaýyn çäreler barada habar berdi.

ORIENT news

Foto: dunyanews.tv

Şeýle hem okaň: