Iň täze habarlar

Türkmenistanyň iň köp bankomat sany bolan welaýatlary belli boldy

08.07.2025 | 12:05 |
 Türkmenistanyň iň köp bankomat sany bolan welaýatlary belli boldy

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň bank ulgamynda 2 131 bankomat hasaba alyndy. Bu barada “Biznes reklama” gazeti habar berýär.

Maglumatlara laýyklykda, bankomatlaryň umumy sanyndan Aşgabatda – 447, Arkadag şäherinde – 11, Ahal welaýatynda – 246 sany ýerleşdirildi. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bankomatlar aşakdaky tertipde ýerleşdirilen: Balkan welaýatynda – 274, Daşoguz welaýatynda – 279, Lebap welaýatynda – 432, Mary welaýatynda bolsa – 442.

Ýurdumyzda bankomatlaryň iň köp sany “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankyna degişli. Bu bank Türkmenistanyň tutuş çägi boýunça 1 022 sany bankomaty ýerleşdirdi.

Şeýle hem, 2024-nji ýylda ýerleşdirilen bankomatlar nagt görnüşinde 25 332 491 440.00 manat çykaryp berendigi bellenilýär.

ORIENT

Foto: turkmenmetmugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: