Iň täze habarlar

Hytaýyň «CNPC» kompaniýasy Täjigistanyň günorta-günbatarynda uglewodorod ýataklarynyň gözlegine girişdi

16.04.2024 | 00:46 |
 Hytaýyň «CNPC» kompaniýasy Täjigistanyň günorta-günbatarynda uglewodorod ýataklarynyň gözlegine girişdi

Hytaýyň milli nebit korporasiýasy – «CNPC» Täjigistanyň günorta-günbatarynda täze uglewodorod ýataklaryny gözlemek boýunça taslamasyny durmuşa geçirip başlady. Has takygy, gürrüň owgan-täjik çöketliginde ýerleşýän Bohtar taslamasy barada barýar diýip, täjik KHBS-y habar berýär.

Neşirler «CNPC-niň» Merkezi Aziýa boýunça başlygy Býen Dejiniň sözlerine salgylanýarlar. Ol ýakyn wagtda kompaniýanyň Bohtarda ýüze çykarylan uly nebitgaz gorlary barada habar bermäge umyt edýändigini aýtdy. Şeýle hem ol taslamanyň amaly bölegine geçmek üçin köp ýyllap deslapky işleriň gerek bolandygyny aýtdy.

Ýerasty gatlaklary öwrenmek işiniň birinji tapgyrynyň çäklerinde 15,3 inedördül km. metr meýdanda geologiki gözleg geçirmek meýilleşdirilýär. Bu işe hytaý we täjik hünärmenleri çekiler.

Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mart aýynda Täjigistanyň parlamentarileriniň Bohtar taslamasyndaky ozal Fransiýanyň «TotalEnergies» kompaniýasyna degişli bolan paýyň «CNPC-e» geçirilmegini tassyklandygyny ýatladýarlar.

ORIENT news

Foto: neftegaz.ru

Şeýle hem okaň: