Iň täze habarlar

TElF 2024: “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň sebit direktory Drýu Pauellyň interwýusy

19.04.2024 | 19:14 |
 TElF 2024:  “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň sebit direktory Drýu Pauellyň interwýusy

TElF 2024: Pariž forumynyň öňüsyrasynda “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň sebit direktory Drýu Pauell beren interwýusynda Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

“Gaffney, Cline & Associates” energetika ulgamynda iş alyp barýan halkara maslahat beriş kompaniýasy bolup, ol energetika kompaniýalaryna, maliýe institutlaryna we döwlet düzümlerine tehniki-täjirçilik maslahatlaryny berýär.

--Jenap Pauell, Türkmenistanyň energetika ulgamynyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen baglylykda Pariž forumynyň esasy maksatlary barada gürrüň berermisiňiz?

--Parižde geçiriljek forum Türkmenistanyň energetika ulgamynyň durnukly ösüşi üçin ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu forum Türkmenistanyň energetika ulgamy bilen baglanyşykly maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyrmak üçin meýdança bolup durýar. Bu maýa goýum mümkinçilikleri “Türkmennebit” , “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan öňe sürülýär. Forumda dürli maýa goýum taslamalaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri, olaryň özüneçekijiligi we maýadarlar üçin bähbitleri ara alnyp maslahatlaşylar.

--Forumda haýsy anyk taslamalar we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar?

--Forumyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni Hazar deňziniň türkmen böleginiň №11,12,16, 21, 23 we 24 deňiz bloklaryndaky taslamalar hem-de bu bloklaryň geologiýa aýratynlyklary we nebitgaz serişdelerini özleşdirmek üçin mümkinçilikleri baradaky maglumaty özünde jemleýän “Maýa goýum tizerleri” bilen tanyşdyrar. “Türkmengaz” döwlet konserni öz gezeginde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň indiki tapgyrlary, ozal hereket edýän känlerde gazyp almak işini oňaýlaşdyrmak boýunça taslamalary hem-de ýerasty gaz ammaryny gurmak boýunça taslamany teklip edýär.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň çäginiň geologiýa gurluşyny öwrenmek we seljermek boýunça maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrylar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni forumda Garabogaz aýlagynyň gidromineral çig malyny gaýtadan işletmek hem-de Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawody gurmak ýaly geljegi uly maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrar.

--Siziň pikiriňize görä, bu taslamalaryň uzakmöhletleýin durnuklylygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin nähili strategiýalar we ösüş meýilnamalary amala aşyrylýar?

--Türkmenistanda taslamalaryň uzakmöhletleýin durnuklylygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin toplumlaýyn strategiýalar ulanylýar. Önümçiligi ýokarlandyrmak we çykdajylary peseltmek maksady bilen nebiti we gazy çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalary hem-de innowasion usullary ornaşdyrylýar. Mundan başga-da önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek üçin infrastrukturany we logistikany gowulandyrmak boýunça meýilnamalar işlenilip taýýarlanylýar.

--Siziň pikiriňize görä, bu taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän maýadarlara haýsy esasy maýa goýum amatlyklary teklip edilýär?

Türkmenistanyň bu taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän maýadarlar birnäçe özüneçekiji maýa goýum artykmaçlyklaryna bil baglap bilerler. Uglewodorod ýataklarynyň serişde kuwwaty we geologiýa taýdan ygtybarlylygy nebiti we gazy çykarmak üçin uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, ýokary durnuklylygy üpjün edýär. Şeýle hem döwlet tarapyndan maýadarlaryň bähbitleriniň goralmagy we goldanylmagy özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Mundan başga-da, ýurduň strategik taýdan amatly ýerleşmegi we sebitiň ösen infrastrukturasy önümi halkara bazarlaryna eksport etmek üçin amatly şertleri üpjün edýär. Üstesine-de, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, ozal ygtyýarnamalarynyň şertleri boýunça Türkmenistanda diňe nebiti we gazy çykarmaga rugsat berlen kompaniýalara indi çig maly nebithimiýa we gazhimiýa önümleri, şol sanda Kanunyň şertlerine görä, suwuklandyrylan gaz görnüşinde gaýtadan işlemäge rugsat berilýär hem-de Türkmenistan tarapyndan kabul edilen halkara şertnamalaryň kadalaryna laýyklykda, maýadarlaryň hukuklarynyň goraglylygy kepillendirilýär.


Drýu Pauell Parižde geçiriljek TElF 2024 forumynyň “Energetika geçişi üçin çig mal harytlary: täze meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri” atly üçünji mejlisinde çykyş eder.

Şeýle hem bu mejlisde “Dragon Oil” kompaniýasynyň baş direktory Ali Raşid Al Jarwanyň, “Albertson Solictors” halkara hukuk bölüminiň ýolbaşçysy, Kembrij uniwersitetiniň Wolfson Collejiniň ylmy işgäri we hukuk öwrenmek boýunça direktory Jeými Trinidadyň, “TotalEnergies Exploration & Production” kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika bölümleriniň uly wise-prezident Julýen Pužyň, “XP Upgeen” kompaniýasynyň direktory Bart Woteriksiň çykyş etmegine garaşylýar.

Forum 24-25-nji aprelde Parižde geçiriler. TElF 2024-de gatnaşmak üçin häzirki güne çenli 31 ýurtdan 300 delegat hasaba alyndy. Halkara wekiller üçin bellige alyş 19-njy aprele çenli açykdyr.

ORIENT news

Foto: "Türkmen forumy"

Şeýle hem okaň: