Özbegistanda palaw üçin iýilýän “tabaklar” peýda boldy
20.04.2024 | 21:16 |Özbegistanyň jemgyýetçilik iýmiti edaralarynyň birinde müşderilere palaw üçin iýilýän “tabaklary” hödürläp başladylar diýip repost.uz habarlar lentasy habar berýär.
Gürrüň palaw salnandan soňra üýtgeşik tagama eýe bolýan çörek barada barýar.
Bu täzeçillik internet ulanyjylarynyň uly seslenmesine eýe boldy. Olaryň käbirleri şeýle çöregi öý şertlerinde taýýarlamaga synanyşýarlar we taýýarlamak ussullary bilen paýlaşýarlar.
ORIENT news