Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
17.04.2024 | 00:16 |16-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna netijeli pakistan-türkmen dialogyny ösdürmäge ähmiýet berýän Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi. Ilçi Pakistanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news