Iň täze habarlar

ŞHG-niň Sekretariatynda Nowruz baýramy bellenildi

17.04.2024 | 13:19 |
 ŞHG-niň Sekretariatynda Nowruz baýramy bellenildi

16-njy aprelde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynda Nowruz baýramy mynasybetli her ýylda geçirilýän bahar we dostluk festiwaly guraldy.

Çäre ŞHG-ä agza döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, synçylarynyň we dialog boýunça hyzmatdaşlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, bu baýramyň sebitiň ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde «Şanhaý ruhunyň» ýörelgeleri bilen gabat gelýändigine myhmanlaryň ünsüni çekdi, şeýle hem onuň etniki toparlaryň sazlaşykly ýaşamagyndaky we dinleriň bilelikde hereket etmegindäki, medeniýetara dialogy höweslendirmekdäki ornuny belledi.

Baýramçylygyň myhmanlary Nowruz baýramy bellenilýän ýurtlaryň amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar we milli tagamlaryny dadyp gördüler.

ORIENT news

Foto: rus.sectsco.org

Şeýle hem okaň: