Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi

17.04.2024 | 13:00 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi

Sişenbe güni, 16-njy aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat we oba hojalyk önümleri, şeýle hem elde dokalan türkmen halylary ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri suwuklandyrylan gazy, «SN-350» kysymly başlangyç ýagy, şeýle hem «В» kysymly karbamidi satyn almak boýunça «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Azerbaýjanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri düz boýalan hem-de žakkard sütükli önümleri, şeýle hem pagta süýümini satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşikleri baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar türkmen halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 1 011 625,12 manatlyk we 7 093 157,66 dollarlyk 10 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: