Iň täze habarlar

Kazanda Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty geçirildi

17.04.2024 | 11:10 |
 Kazanda Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty geçirildi

Kazan şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

«Magtymguly Pyragy – türki dünýäsiniň beýik alymy we akyldary» aty «tegelek stol» maslahatyny Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň G.Ibragimow adyndaky Dil, edebiýat we sungat institutynyň drektory, filosofiýa ylymlarynyň doktory Kim Minnullin açdy. Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, professor Rifkat Minnihanow we Tatarystan Respublikasynyň Ýazjylar birleşiginiň başlygy, Respublikanyň halk şahyry Rkail Zaýdullin çärä gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendiler.

«Tegelek stol» maslahatyna gatnaşyjylar Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Çynar Rüstemowa Magtymgulynyň dünýägaraýşynyň we umumadamzat maksatlarynyň umumylygy barada gürrüň berdi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow şahyryň golýazmalarynyň dünýädäki derejesindäki ähmiýetini beýan ertdi.

Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň G.Ibragimow adyndaky Dil, edebiýat we sungat institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory Farit Ýahin Magtymgulynyň döredijiliginiň atar halkynyň taryhy-medeni dünýägaraýşy bilen baglanyşygy barada gürrüň berdi. Şeýle hem çykyşlarda Magtymgulynyň eserlerindäki ahlak-filosofik garaýyşlar we onuň şygyrlarynyň fenomenologiýasy barada bellenildi.

«Tegelek stol» maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy, türkmen dutarynyň owazy astynda Magtymgulynyň goşgulary ýerine ýetirildi.

Türkmen wekiliýeti Tatarystana amala aşyran saparynyň çäklerinde Tatarystanyň Ylymlar akademiýasyna, Kazan (Priwolžiýa) federal unwersitetine, Kazan Kremline baryp gördi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş Konsullygy (Kazan şäheri) tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: