Iň täze habarlar

Giornata del made in Italy: Italýan ussatlygyna sarpa goýmak bilen

17.04.2024 | 09:43 |
 Giornata del made in Italy: Italýan ussatlygyna sarpa goýmak bilen

Made in Italy Day (Italiýada öndürilen) - bu italýan modasyna, aşhanasyna, tehnikasyna we köp sanly beýlekilere bagyşlanyp, her ýylyň 15-nji aprelinde geçirilýän baýramçylykdyr. Bu gün italýan ussatlarynyň suratkeşleriniň, telekeçileriniň asyrlaryň dowamynda gazanan üstünliklerini ykrar etmek günüdir.

Näme üçin 15-nji aprel?

Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Ol döredijiligiň we ussatlygyň nusgasy bolan beýik italýan polimaty Leonardo da Winçiniň doglan gününe gabat gelýär. Hut şu häsiýetler hem «Italiýada öndürilen» brendiniň esasyny düzýär.

Made in Italy Day-y Türkmenistanda nähili belleýärler?

Made in Italy Day çäresi ilkinji gezek Türkmenistanda 15-nji aprelde guraldy.

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari baýramçylyga gelenleri mübärekläp, bu çäräni geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin «Arkaç» söwda-täjirçilik merkeziniň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

«Bu gün biz italýan kreatiwligini we kämilligini baýram edýäris. Ilaty 60 milliona golaý we jemi içerki önümi 1,8 trillion ýewrodan gowrak bolan Italiýa Ýewropa Bileleşiginde üçünji we dünýäde 8-nji ykdysadyýete eýedir. Italiýa ýylda 516 milliard ýewrolyk (JIÖ32%) harytlary we hyzmatlary eksport edip, bu ugurda dünýäde 8-nji orny eýeleýär», – diýip ilçi belledi.

Ol energetika, maşyngurluşygy, oba hojalyk önümleri, täjirçilik we sarp ediş harytlary, moda, senagat dizaýny we maslahat hyzmatlary ýaly ulgamlarda italýan harytlarynyň we hyzmatlarynyň öňdäki orunlary eýeleýändigini aýtdy.

«Men ýurtlarymyzyň arasynda täjirçilik gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyna berk ynanýaryn. Hususan-da, gatnaşyklarymyzyň taryhynda ilkinji gezek Milan bilen Aşgabadyň arasynda howa gatnawynyň ýola goýlandygyny nazara alsak, bu türkmen işewürlerine italýan önüm öndürijileri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär», – diýip diplomat nygtady.

Çärä şeýle hem Aşgabatdaky Italýan söwda agentliginiň utgaşdyryjysy Azat Meredow gatnaşdy. Agentlik gyzyklanma bildirýän türkmen telekeçilerine italýan işewür hyzmatdaşlaryny gözlemekde ýardam bermäge jogapkärdir.

Şeýle hem baýramçylyga italiýaly işewürler bilen hyzmatdaşlyk edýän türkmen telekeçileri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda aşakdaky brendleriň Türkmenistandaky wekilleri bardy:

Paul &Shark – bu brend özüniň ýokary hilli gündelik egin-eşikleri bilen meşhurdyr;

Moreschi – ilkinji nobatda, ýokary hilli tebigy materiallardan elde taýýarlanylan lýuks aýakgaplary bilen meşhurdyr;

ErmenegildoZegna – erkekler üçin ýokary hilli egin-eşikleri bilen meşhurdyr;

StefanoRicci – erkekler üçin ýokary hilli egin-eşikleri, aksessuarlary, aýakgaplary we parfumeriýasy bilen meşhurdyr;

Benetton – dürli reňk egin-eşikleri, innowasion mahabat çäreleri we durnukly ösüşe ygrarlylygy bilen meşhurdyr;

Versace – özüniň kaşaň önümleri, şol sanda torbalary, aýakgaplary, kemerleri we bezeg önümleri bilen meşhurdyr.

Muzetti bolsa öz önümlerinde tejribeli ussatlar tarapyndan saýlanyp alnan we gowrulan saýlama arabika we robusta kofe dänelerini ulanýar.

Çärä gatnaşyjylar üçin baýramçylyk nahary berildi.

Made in Italy Day-iň ähmiýeti

Made inItaly Day - bu ýönekeý baýramçylyk bolman, eýsem italýan harytlaryny dünýä meşhur eden däplere, ussatlyga we innowasiýalara sarpa goýmakdyr, şeýle hem italýan dizaýnynyň we medeniýetiniň tutuş dünýä ýetirýän täsiri barada oýlanmaga sebäpdir.

Siz hem baýramçylyga goşulyşyň!

Nirededigiňize garamazdan siz hem Made in Italy Day baýramçylygyna goşulyşyp bilersiňiz. Italýan aşhanasynyň tagamlaryndan dadyp görüň ýa-da italýan medeniýeti barada bir zatlar öwreniň, hiç bolmanda sosial ulgamlarda Italiýa barada paýlaşyň.

ORIENT news

Foto: "Bazar Turkmenistan" marketing kompaniýasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: