Iň täze habarlar

Belarus alymlary kosmos üçin turşysüýt önümini döredýärler

12.04.2024 | 19:54 |
 Belarus alymlary kosmos üçin turşysüýt önümini döredýärler

Belarus alymlarynyň kosmos maksatnamasyna gatnaşmagy Ýer üçin uly ähmiýete eýe bolar.

Her ýyl 12-nji aprelde bellenilýän Kosmonawtika gününe bagyşlanyp geçirilen metbugat maslahatynda belarus alymlary häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we amala aşyryljak taslamalary bilen tanyşdyrydylar.

Ilkinji belarus zenan kosmonawty Marina Wasilewskaýanyň orbitada geçiren synaglarynyň netijeleri bu ylmy işläp taýýarlamalaryň esasyny düzýär diýip, Tochka.by internet portaly habar berýär. Ol Halkara kosmos stansiýasyna saparyny 6-njy aprelde tamamlady we häzirki wagtda dikeldiş bejergisini geçýär.

Şol taslamalaryň hatarynda kosmos üçin turşysüýt önümi döretmek taslamasy hem bar. Uçuşynyň dowamynda Wasilewskaýa süýtturşy organizmleriň probiotik ştammlarynyň we bifidobakteriýalarynyň kosmos uçuşy şertlerinde saklamak boýunça birnäçe biotehnologik synaglary geçirdi.

Kosmos şertlerinde taýýarlanan turşysüýt önümlerini kosmonawtlar kosmosda bolýan wagtlarynda ulanyp bilerler.

Häzir bu ştammlar Belarusa getirildi. Alymlar süýtturşy we bifidobakteriýalar bilen orbitada nähili üýtgeşmeleriň bolup geçendigini kesgitlärler.

Şeýle hem Belarus 2028-nji ýylda Russiýanyň kosmosa uçurjak hemrasyna Belarus teleskopuny gurnamagy meýilleşdirýär.

ORIENT news

Foto: dairynews.today

Şeýle hem okaň: