Iň täze habarlar

Amerikaly trio Aşgabatda a kapella konserti bilen çykyş eder

12.04.2024 | 19:25 |
 Amerikaly trio Aşgabatda a kapella konserti bilen çykyş eder

14-nji aprelde Amerikanyň «Pipeline Vocal Project» triosy Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda a kapella konserti bilen çykyş eder.

Konsert Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary bilen bilelikde geçiriler.

ABŞ-dan gelen toparyň düzümi üç agzadan ybaratdyr: Liza Hokins, Molli Diýeni we Adriana Latonio.

Lisa Hokins – Alýaska ştatynyň Ankorij şäherinden aýdymçy, aranžirleýji we prodýuser. Lizanyň a kapella çykyşlary boýunça sahnada 10 ýyllyk tejribesi bar.

Hut onuň özi dünýäniň dürli wokal toparlary bilen çykyş saparlaryndan soň, 2019-njy ýylda «Pipeline Vocal Project» toparyny esaslandyrdy.

Molli Diýeni – jaz, wokal we fortepiano öwrenen aýdymçy. Ol wokal sazyny ýerine ýetirip, bütin dünýä syýahat etdi. Indi bolsa «Pipeline Vocal Project» toparynda ýokarydan başlap, pese çenli ähli bölekleri ýerine ýetirýär.

Adriana Latonio – opera, aýdym-saz teatry, jaz, estrada aýdymlary, r&b we soul, şeýle hem tans etmek, fortepiano hem-de gitara çalmak boýunça tejribesi bolan, baýraklara mynasyp görlen aýdymçy. Adri bütin dünýädäki talyplara wokal öwredýär we şol bir wagtyň özünde «Pipeline Vocal Project» toparynyň agzasy hökmünde karýerasyny ösdürmegi dowam etdirýär.

ORIENT news

Foto: alaskapublic.org

Şeýle hem okaň: