Iň täze habarlar

Türkiýäniň Prezidentiniň Diwany: Türk seriallarynyň dünýädäki tomaşaçylary 1 milliard adama ýetdi

02.03.2024 | 12:16 |
 Türkiýäniň Prezidentiniň Diwany: Türk seriallarynyň dünýädäki tomaşaçylary 1 milliard adama ýetdi

Türkiýäniň Prezidentiniň Diwanynyň Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy Fahrettin Altun sungatyň we kinematografyň diliniň ähmiýetini belläp geçdi.

Bütin dünýäde türk seriallaryna bolan isleg soňky üç ýylda 183% artdy, munuň özi türk kinematografiýasynyň şübhesiz üstünligidir. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň Diwanynyň Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy Fahrettin Altun «TRT 1» teleýaýlymynyň «Mehmet: Ýeňişleriň soltany» atly täze serialynyň ilkinji görkezilişinde eden çykyşynda aýtdy.

«Häzirki wagtda dünýäde, takmynan, bir milliard adam türk seriallaryna tomaşa edýär we munuň özi uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, biz hakykatdanam hakyky üstünliklere eýe bolýarys. Şeýle hem döredilen bu işleriň medeni ekspluatasiýa ulgamyna, global imperializme we medeni korrupsiýa synanyşyklaryna garşy durmak synanyşygymyzdygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, bu başlangyçlara örän uly ähmiýet berýärin» diýip, Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy belledi.

Altun serialyň çynlakaý maýa goýumlaryny talap edýän örän uly taslama bolandygyny belläp, göz öňünde tutulýan taslamanyň esasynda Türkiýäniň bu meşhur medeniýet pudagyna, medeni mirasyna we neşirýat işine uly goşandyň goşuljakdygyna ynam bildirdi.

«Serialyň sýužeti siwilizasiýalaryň taryhy we dünýä taryhy taýdan örän möhüm şahsyýete esaslanýar. Onda soltan Mehmed Fatyhyň keşbi we gazananlary, hususan-da Stambuly basyp almagy beýan edilýär» diýip, Altun belledi.

Onuň aýtmagyna görä, soltan Mehmed Fatyh siwilizasiýalaryň taryhynda bir döwri açan we tamamlan parasatly hökümdar bolup, Osmanlylar döwletine ýyllarboýy köp ugurlarda çynlakaý üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýän dolandyryş ulgamyny döredipdir.

Altun «Mehmet: Ýeňişleriň soltany» atly serialyň Osmanlylar döwletiniň ösüp başlan döwrüne gönükdirilendigini aýtdy.

«Seriala tomaşa edenimizde soltan Mehmed Fatyhyň durmuşyna seretsek, şol döwrüň häzirki döwür bilen köp meňzeşliginiň bardygyny göreris, bu bolsa öz gezeginde bu serialyň ähmiýetini artdyrýar» diýip, Altun nygtady.

Şeýle hem Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy sungatyň we kinematografyň diliniň ähmiýeti barada belläp geçdi.

«Türk kino pudagy hakykatdanam yzygiderli ösýär. Türkiýe öz haryt nyşanynyň ösmegine örän uly möçberde maýa goýýar» diýip, Altun bu filmiň türk haryt nyşanynyň ösmegine we onuň halkara derejesindäki ornuny giňeltmegine möhüm goşant goşjakdygyny aýtdy.

ORIENT news

Foto: dzen.ru

Şeýle hem okaň: