Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda göçme birža söwdasy geçiriler

01.03.2024 | 13:10 |
 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda göçme birža söwdasy geçiriler

2024-nji ýylyň 5-nji martynda sagat 11:00-da Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň göçme birža söwdasy başlanýar.

Birža söwdasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde geçiriler.

Göçme birža söwdasyna esasan nebit-himiýa, dokma senagaty, gurluşyk materiallary we oba hojalyk pudagyna degişli bolan önümler satuwa çykarylar.

Gatnaşyjylary hasaba almak sagat 10:30-da başlanýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplar aşakda görkezilen salgylar we telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

Telefon belgiler: +99312-44-61-16, +99312-44-66-10

Web-saýty: info@exchange.gov.tm

brokers@exchange.gov.tm

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: