Deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň dünýä söwdasyndaky paýy 1% -i tutýar
27.02.2024 | 23:17 |Abu Dabide geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň 13-nji ministrler maslahatynyň çäginde deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlar üçin ýörite çäre geçirildi.
Bu ýurtlaryň söwda ministrleriniň duşuşygy, ykdysadyýetlerinde ýüze çykýan meseleleri we söwda päsgelçiliklerini ýeňip geçmekde öňdebaryjy tejribäni alyşmaga we deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlary global we sebit söwda ulgamlaryna mundan beýläk-de birleşdirmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Hususan-da, Gazagystan Respublikasynyň BSG we halkara ykdysady guramalarynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Žanar Aýtžan deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy haryt söwdasyndaky paýynyň 1%, eksportynyň 80%-den gowragynyň esasy harytlarda bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda ol, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysadyýetini we eksport gurluşlaryny diwersifikasiýa etmegiň esasy ileri tutulýan ugurlary belläp geçdi.
Mundan başga-da, häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň hyzmatlar ulgamy boýunça halkara söwdasyndaky paýynyň 0,75%, sanly hyzmatlar boýunça söwdadaky paýynyň bolsa 0,2% bolandygy bellendi.
Deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň gatnaşan bu çäräniň ahyrynda BSG söwda ýeňilleşdiriş şertnamasynyň doly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini, üstaşyr ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çagyrýandygyny we gümrük proseduralarynyň, elektron söwdanyň, daşary ýurtlaryň sanlylaşdyrylmagynyň, göni maýa goýumlaryň we hyzmatlaryň eksport ähmiýetini belleýän ministrlik Deklarasiýasyny kabul etdi. Deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň ministrleri 2024-nji ýylyň 18-19-njy iýunynda Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna gatnaşmak isleýändiklerini tassykladylar.
ORIENT news