Iň täze habarlar

Türkmenistanyň daşary işler ministri owgan wekiliýeti bilen duşuşdy

26.02.2024 | 20:23 |
 Türkmenistanyň daşary işler ministri owgan wekiliýeti bilen duşuşdy

Aşgabatda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiniň arasynda Dag-magdan senagaty we nebit ministrligi, geçirildi “Da Afghanistan Breshna Sherkat” energetika kompaniýasy, Demirýol dolandyryşy müdirligi ýaly dürli döwlet düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyk.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energetika, ulag we aragatnaşyk ugurly halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly häzirki işlere jikme-jik seljerme geçirildi.

1.jpg

Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamalasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TAP) ýokary kuwwatly elektrik geçirijisi we Owganystan bilen Türkmenistany birleşdirýän demir ýollaryň gurluşygy barada pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde-de, iki tarapyň hem Owganystandaky desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmäge ýokary derejede taýýarlyk derejesi bellendi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, Owganystanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri türkmen ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlamak mümkinçiligini giňeltmegi göz öňünde tutdular.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatlarynda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikleri yzygiderli dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

2.jpg

Bu saparynda Mottakiniň ýany bilen, Owaganystanyň dürli döwlet düzümleriniň wekilleri, şol sanda Dag-magdan we nebit ministri, Demirýol müdirliginiň ýolbaşçysy we “Da Afghanistan Breshna Sherkat” energetika kompaniýasynyň başlygy ýoldaşlyk edýär.

Sapar Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Türkmenistanda geçiriljek bäşinji duşuşygyna gabat geldi.

Saparyň çäginde Amir Han Mottaki Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, diplomatlara we ilçihananyň işgärlerine owgan-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek we bu ýerde ýaşaýan owganlar üçin konsullyk hyzmatlaryny çaltlaşdyrmak boýunça zerur teklipleri berdi. Sözüniň ahyrynda daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji ilçihananyň işgärleriniň syýasy, ykdysady we söwda meseleleri baradaky pikirlerini diňledi diýip, Owganystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: