Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Özbegistana barar
27.02.2024 | 12:52 |Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmnistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrjak saparynyň özara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine, bilelikdäki möhüm taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Bu barada goňşy Özbegistan döwletiniň Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen hatynda bellenýär.
Özbek Lideri Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanyp, Özbegistanda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleri guramaga türkmen tarapynyň işjeň gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.
Şol çäreleriň hatarynda ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda “Magtymgulynyň goşgularynyň esasynda döredilen aýdymlary iň gowy ýerine ýetiriji” atly bäsleşigi geçirmek; Magtymguly Pyragynyň “Saýlanan eserlerini” hem-de onuň döredijiligi baradaky ylmy makalalaryň ýygyndysyny neşir etmek; kino we teatr sungatynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda çeper filmi hem-de sahna oýnuny döretmek; “Özbek edebiýatynda we sungatynda Magtymgulynyň döredijiliginiň eýeleýän orny” atly halkara ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek meýilleşdirilýär.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda geçiriljek çäreleriň Magtymgulynyň ýubileýiniň şu ýyl ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýä derejesinde giňden belleniljek çärelere özüniň goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
ORIENT news