Iň täze habarlar

Türkmen işewür wekiliýeti Gazagystanda iş saparynda boldy

24.02.2024 | 14:30 |
 Türkmen işewür wekiliýeti Gazagystanda iş saparynda boldy

Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Gazagystanyň paýtagty Astanada iş saparynda bolup, paýtagt şäheriň Maýa goýumlar we telekeçiligi ösdürmek müdirliginiň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Işewürlik saparynyň çäklerinde türkmen telekeçileri Gazagystanyň käbir önümçilik kärhanalaryna baryp gördüler. Bu barada Gazagystanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Dokma senagatynyň wekillerinden we gurluşyk önümlerini öndürijilerden ybarat bolan wekiliýet topary Astana şäheriniň maýa goýum mümkinçilikleri bilen ýerinde tanşyp, "Astana Invest" şäher maýa goýumlaryny ösdürmek merkezi" hem-de "Astananyň ösüş merkezi" jogapkärçiligi çäkli ýoldaşlyk jemgyýetleriniň wekilleri bilen duşuşdylar.

Işewürlik saparynyň çäklerinde türkmen telekeçileri "Astana-Tehnopolis" ýörite ykdysady zolagynyň senagat parkynyň kärhanalaryna baryp gördüler hem-de ýörite ykdysady zolagyň çäklerinde soňlygy bilen öndürilen önümleri Gazagystanda ýerlemek mümkinçiligi bilen dokma we gurluşyk bitumy önümçiligini ýerleşdirmek mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdiler. Mümkinçiligi uly maýadarlar "Astana Invest" we senagat parkynyň bilelikde guramagynda tanyşdyryş gezelenjine hem gatnaşdylar.

Saparyň jemleri boýunça gyzyklanma bildirilýän ugurlar kesgitlenildi. Gazagystan tarapy Türkmenistanda maýa goýum taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi. Işewürlik sapary Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam etmeginde "Astana" Diplomatiýa kluby tarapyndan guraldy.

Ýakyn wagtda türkmen wekiliýeti Almaty, Şymkent we Astana şäherlerine hem işewürlik saparlaryny amala aşyrarlar.

ORIENT news

Foto: gov.kz

Şeýle hem okaň: