Iň täze habarlar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde ýylyň şygaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

23.02.2024 | 14:42 |
 «Türkmenawtoulaglary» agentliginde ýylyň şygaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Türkmenawtoulaglary» agentliginde duşuşyk geçirildi diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylara döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan beýik şahyr hem-de akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda beýan edilen filosofik pikirler barada gürrüň berildi. Olarda beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýelemäge çagyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly öwüt-ündewleriniň we maslahatlarynyň esasynda ýaşlaryň türkmen jemgyýetindäki ornuny pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Çäre Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, ýurduň Baş prokuraturasynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, şeýle hem Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olarda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň mirasyny wagyz etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

ORIENT news

Foto: awtoulag.gov.tm

Şeýle hem okaň: