Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleri barada durlup geçildi

23.02.2024 | 14:34 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy wezipeleri barada durlup geçildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan Maksatnamasynda ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik we beýleki wezipeler bilen bir hatarda, kanunçylyk ulgamyna degişli wezipeler barada durup geçdi.

Şolaryň hatarynda ýurdumyzda maýa goýumlary çekmek hem-de maýadarlary goramak we goldamak, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereket etmek, salgydy dolandyrmak, salgytlaryň ýygnalyşynyň hilini ýokarlandyrmak, intellektual eýeçiligi goramak, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek ýaly ugurlarda kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, ykdysady işjeňligi üpjün etmek, ulag we logistika, dürli pudaklarda sanly hyzmatlary ösdürmek, kärhanalaryň işini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, gurluşyk işleriniň kadalaryny düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek, oba hojalyk önüm öndürijileri, tohumçylyk işini höweslendirmek, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýaly meselelere degişli kanunçylygy seljerip, möhüm işleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: