Iň täze habarlar

Ýaponiýa Aýa Arş gämisini gonduran 5-nji ýurt bolmagy meýilleşdirýär

03.01.2024 | 21:16 |
 Ýaponiýa Aýa Arş gämisini gonduran 5-nji ýurt bolmagy meýilleşdirýär

Hindistan Aýyň üstünden Arş gämisini gonduran 4-nji ýurt hökmünde özüni ykrar etdirenden birnäçe aý geçeninden soň, Ýaponiýa hem bu babatda ýakyn wagtda 5-nji ýurt bolmagy meýilleşdirýär.

Ýaponiýanyň Aerokosmiki barlaglar agentligi – “JAXA” soňky 30 ýylyň içinde birnäçe täsirli kosmos üstünliklerini gazandy. Şolaryň hatarynda ýapon agentliginiň “Rýugu” asteroidinden gaýdyp gelmek missiýasyny ozal hiç bir ýurt synanyşyp görmedi.

25-nji dekabrda Aýdaky barlaglar üçin intellektual gonuş moduly (SLIM) Aýyň orbitasyna girensoň, “JAXA” ony 20-nji ýanwarda Aýyň üstüne gondurmaga taýýarlar.

Eger-de, ýokarda görkezilen senede gondurmak işi üstünlikli bolmadyk ýagdaýynda, muňa 16-njy fewralda hem synanyşyp görmek meýilleşdirilýär.

“SLIM-iň maksady” 100 metrden hem az takyklyk bilen arassa gonuşy amala aşyrmakdan ybaratdyr. Bu synanyşyk üstünlikli ýerine ýetirilen ýagdaýynda aerokosmos pudagynda uly öňegidişlik gazanylar.

“JAXA” agentliginiň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu missiýa Aýa uçuşlary amala aşyrmak üçin gonuş tehnologiýalaryny synagdan geçirmäge gönükdirilendir.

Kosmos gämisi kuwwatly “XRISM” rentgen teleskopy bilen bilelikde 7-nji sentýabrda Ýerden Aýa tarap uçdy. Bu teleskop Ýeriň orbitasynda galdyryldy.

Bellenişine görä, bu missiýa üstünlikli tamamlanandan soň, adamlar Aýyň islendik ýerinde gonmaga mümkinçilik alarlar. Mundan ozal, kosmos enjamyny Aý üstünde gondurmak üçin amatly ýerler gözlenilýärdi.

Bu missiýa üstünlikli ýerine ýetirilenden soň, Ýaponiýa Hytaýdan, Hindistandan, Sowet Soýuzyndan we ABŞ-dan soň Aýa gonan bäşinji ýurt bolar.

ORIENT news

Foto: ISAS/JAXA

Şeýle hem okaň: