Iň täze habarlar

Dünýäniň iri IT-kompaniýalary Ýewropa Bileleşiginde açyk sanly giňişligi ösdürmek üçin koalisiýa döretdiler

15.12.2023 | 04:32 |
 Dünýäniň iri IT-kompaniýalary Ýewropa Bileleşiginde açyk sanly giňişligi ösdürmek üçin koalisiýa döretdiler

Sanly senagatyň öňdebaryjylary, şol sanda Google, Meta, Qualcomm açyk sanly ekoulgamlaryň (Coalitionfor Open Digital Ecosystems, CODE) koalisiýasyny döretdiler diýip Reuters agentligi habar berýär.

Bu başlangyç Ýewropada ösüşiň we innowasiýalaryň hereketlendirijisi boljak açyk sanly ekoulgamlaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Munuň üçin CODE alymlar, syýasatçylar we kompaniýalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eder. “Sanly bazarlar hakynda kanunyň” ulanylmagyna aýratyn üns berler. Bu kanun iri tehnologiýa kompaniýalaryndan öz hyzmatlarynyň beýleki işläp taýýarlamajylaryň çözgütleri bilen laýyk gelmegini üpjün etmegi we ulanyjylara dürli platformalarda täjirçilik işini amala aşyrmaga mümkinçilik bermegi talap edýär.

Tehnologiýa ägirtleriniň bu birleşigi Ýewropa Bileleşiginiň sanly senagatynyň geljegine uly täsir edip biler.

Koalisiýanyň düzümine Honor, Lenovo, Lynx, Motorola, Nothing, Opera we Wire ýaly meşhur brendler hem girýär.

ORIENT news

Foto: gazeta.ru

Şeýle hem okaň: