Iň täze habarlar

Bir ýylda ählumumy internet trafigi 25% artdy

13.12.2023 | 20:45 |
 Bir ýylda ählumumy internet trafigi 25% artdy

Şu ýyl dünýäniň internet trafigi 25% artdy. Bu barada Cloudflare amerikan kompaniýasy habar berdi.

SpaceX kompaniýasynyň ýaýabaňlandyrýan Starlink ählumumy hemra ulgamy netijesinde ozal hyzmat edilmeýän sebitlerde ýokary tizlikli internet peýda boldy. Prowaýderiň öz trafigi hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende üç esse artdy.

Ykjam trafigiň üçden iki bölegini Android dolandyryşyndaky enjamlar emele getirýär. Bu görkeziji boýunça, esasan hem arzan enjamlaryň hasabyna Bangladeş we Papua-Täze Gwineýa öňdäki orunda durýarlar. Daniýada, Awstraliýada we Ýaponiýada ykjam internet trafiginiň 70%-i Apple iPhone-yň paýyna düşýär.

Umumy trafigiň bäşden biri HTTP/3 ýa-da QUIC enjamynyň paýyna düşýär. Bu enjamlar Nepalda, Malaýziýada, Taýlandda we Şri-Lankada has giň ýaýrandyr.

Iň ýokary hilli internet Islandiýada bolup, bu ýerde köp şahaly optiki süýmli internet ulgamy bar.

Öz gezeginde Google dünýäde iň iri umumy maksatly hyzmatlary amala aşyryjy, OpenAI bolsa iň iri generatiw emeli intellekt hyzmatlaryny amala aşyryjy boldy.

ORIENT news

Foto: itc.ua

Şeýle hem okaň: