Smartfon ululygyndaky ýyladyjy enjama uly isleg bildirilýär
13.12.2023 | 01:38 |Şeýle ululykdaky ýyladyjy enjam bilen elektrik energiýasy eleýeterli bolan islendik ýerde ýylanmak mümkindir.
ABŞ-nyň “Venty” startapy ykjam we ýanyňda göterip bolýan “CozyPod” atly ýyladyjy enjamyna “Kickstarter” atly platformada maýa serişdelerini çekýär. Häzirki wagtda bu platformada meýilleşdirilen 10 müň ABŞ dollaryna derek 48 müň ABŞ dollary ýygnaldy.
Enjam özboluşly bezelişi, keramiki ýyladyş elementlerini, uzakdan dolandyrmaga şert döredýän duýgur termostaty we 800 Wt kuwwatyndaky ýylylygy hödürleýär. Enjam derrew, ýagny bary-ýogy 2 sekuntda gyzýar. Şol bir wagtyň özünde, bu enjam gije ýatylanda hem ulanylyp bilner. Sebäbi ondan çykýan ses ujypsyz bolup, onuň derejesi 40 dB-den geçmeýär.

Kompaniýanyň işgärleri batareýalary talap etmeýän uzak aralykdan dolandyrylýan termostaty döretmäge başlandyklaryna buýsanýarlar. Gyzdyryjy jaýyň içinde öz-özi zarýad alýar. Ol bir gezek zarýad bilen doldurylanda 36 sagatlap gyzdyryp bilýär. Ykjam gyzdyryjy peji 500-den 800 Wt çenli dürli kuwwatlykda gyzdyryp bilýär. Howany ýylatmagyň iň ýokary temperaturasy 31 gradusa ýetýär. Täze enjamda şeýle-de awtomatik öçüp ýakylýan we gijeki yşyklandyryş ulgamlary bar.
“CozyPod” atly enjam 18 inedördül metre çenli otagy netijeli gyzdyrýandygy bellenilýär. Bu enjam özüniň ygtybarlylygy bilen hem tapawutlanýar. Onuň üstüne mata ýa-da ot alyjy maddalar düşende ýa-da ýykylanda özi awtomatik ýagdaýda öçýär. Kompaniýa pejiň ýerini üýtgetmek üçin ýörite çeholy hem taýýarlady.
“CozyPod” enjamlarynyň ilkinji alyjylary üçin 40 dollar arzanladyş bilen, göçme çeholy bilen 69 dollar möçberde satylar. Onuň satuwyna gyş gutarandan soň, ýagny geçen ýylyň martynda başlamak göz öňünde tutulýar.
ORIENT news