Iň täze habarlar

1-de 36: täze ykjam super otwýortka tanyşdyryldy

09.12.2023 | 15:39 |
 1-de 36: täze ykjam super otwýortka tanyşdyryldy

Hytaýyň XIAONIAN startapy birnäçe goşundylary özünde saklaýan, şeýle hem çüýşe açýan, guty kesiji, altytaraply açar we çyzgyç bolup hyzmat edýän jübi otwýortka modelini öndürdi.

“VersaTool” 18 goşundyly 1-de 29 görnüşinde we 24 goşundyly 1-de 36 görnüşinde elýeterlidir. Goşundylar aýna görnüşli açyk alýumin garyndy çarçuwasynda ýerleşýär. Ortadan hereket edýän magnit zolak, ulanylmaýan wagty goşundylary ýerinde saklamaga kömek edýär.

1-1.jpg

Çarçuwanyň gapdalynda kiçijik öýjük, ýokarsynda bolsa, başga bir öýjük bar. Bir ujunda altytaraply dürli ululykdaky boltlary berkitmek üçin döredilen açar bar, beýleki tarapy bolsa çüýşäni açýar. Şeýle hem gutular we gaplamalary üçin burçly açary bar. Çarçuwanyň gapdallary ölçeg ýa-da lineýka hökmünde ulanmak üçin bellik edilýär.

2-2.jpg

Birnäçe reňkleri bar. Magnit zolak, iki eliňizi boşadyp, guraly demir ýüzüne dakmaga mümkinçilik berýär, şonuň üçin guraly ýere taşlamagyň zerurlygy ýokdur. Şeýle-de ol nurbatlary gysmagy aňsatlaşdyrmak üçin bitleri magnitleşdirip biler.

1-de 29 guraly 29 $ -dan başlaýar. Olaryň her biri amatly göteriji gap bilen gelýär. Öpjünçilik 2024-nji ýylyň mart aýynda başlar.

ORIENT news

Foto: Xiaonian

Şeýle hem okaň: