Iň täze habarlar

Aşgabatda fortepiano sazlarynyň agşamy geçiriler

11.12.2023 | 00:39 |
 Aşgabatda fortepiano sazlarynyň agşamy geçiriler

19-njy dekabrda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň konserti guralar.

“Üýtgeşiklikler üçin ötünç” atly fortepiano sazlarynyň agşamynda Mosartyň, Gaýdnäniň, Bethoweniň, Bramsyň we Gendeliň ajaýyp saz eserleri muşdaklara hödürlener. Adyndan görnüşi ýaly, bu konsertde maestro üýtgeşikliklerine üns çekilip, diňleýjileri bu täsin usula ýakynlaşdyrar.

Şeýle hem bu agşam diňleýjileriň hormatly ussat bilen ýeke-täk duşuşygy bolmajakdygyny bellemelidiris - paýtagtdan başga-da, Wladimir Mkrtumowyň Türkmenabat we Mary şäherlerinde konsertleri geçiriler.

Fortepiano agşamlarynyň geçirilýän günleri:

• 17-nji dekabr, 10:00 - Türkmenabat şäheriniň sungat mekdebi (aýdym-saz mekdebi);
• 17-nji dekabr, 16:30 - Mary şäheriniň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite aýdym-saz mekdebi.
• 19-njy dekabr, 18:30 - Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy.

Konsertleriň hemmesine giriş töelgsizdir.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: