Iň täze habarlar

Russiýada uly göwrümli ýük ulaglaryna ýörite rugsatnamalary bermek möhletini gysgaltdylar

09.12.2023 | 03:30 |
 Russiýada uly göwrümli ýük ulaglaryna ýörite rugsatnamalary bermek möhletini gysgaltdylar

Russiýada uly göwrümli ýük ulaglarynyň awtomobil ýollarda hereket etmegi üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň möhleti gysgaldyldy.

Indi şeýle resminamalar üç sagadyň içinde berler, häzir bolsa munuň üçin 7 günden 9 güne çenli garaşmak gerek.

Russiýa hökümeti tarapyndan tassyklanan uly göwrümli ýük ulaglarynyň hereketiniň kadalary bu ulaglaryň hereket etjek ýoluny awtomatik ýagdaýda bellemäge geçmegi göz öňünde tutýar. Awtomobil ýollaryň tehniki häsiýetnamalary, olarda hereket edýän ulag serişdeleriniň rugsat berilýän göwrümi we agyrlygy baradaky maglumatlar awtomobil ýollaryň eýeleri tarapyndan ýörite rugsatnamalary berýän ulgama girizilýär.

Rugsatnama üçin ýüz tutulanda ulgamyň özi ugruň görnüşlerini kesgitlär we awtoulagyň eýesine teklip eder. Şeýle hem ulgam awtomobil ýollara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin tölenmeli tölegiň möçberini awtomatik ýagdaýda hasaplar.

Bu düzgün 2024-nji ýylyň 1-nji martynda güýje girer.

ORIENT news

Foto: drive-land.net

Şeýle hem okaň: