Iň täze habarlar

Dünýäniň telekommunikasiýa we smartfon kompaniýalary Hytaýda 6G ulgamyny synagdan geçirýärler

06.12.2023 | 13:18 |
 Dünýäniň telekommunikasiýa we smartfon kompaniýalary Hytaýda 6G ulgamyny synagdan geçirýärler

Hytaýyň we daşary ýurt telekom kompaniýalarynyň we smartfon öndürijileriniň birnäçesi şu ýyl Hytaýda 6G aragatnaşyk ulgamyny tehniki taýdan synagdan geçirmek işine gatnaşdylar. Bu barada “China daily” neşiri habar berýär.

Hytaýda 6G ulgamyny ilerletmek boýunça döwlet platformasy bolan “IMT-2030” (6G) mahabat toparynyň başlygy Wan Çikiniň mälim etmegine görä, synag işlerine “Nokia Bell”, “Ericsson”, “China Mobile”, “China Telecom”, “China Unicom”, “Huawei”, “ZTE”, “Vivo” “Inspur” ýaly kompaniýalar gatnaşdylar.

Hytaýyň 6G aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi açyk hyzmatdaşlygy ösdürmek ýörelgelerine esaslanýar. Telekom operatorlary, enjamlary öndürijiler we Hytaýyň ylmy-barlag institutlary “6G talaplary we dizaýn teklipleri” atly resminamany taýýarladylar. Onda sanly goşulyşmagy we indiki nesil tehnologiýasynyň çeýe ýerleşdirilmegini gazanmak üçin zerur işler jikme-jik görkezilýär.

6G aragatnaşyk ulgamy fiziki we wirtual dünýäleri birleşdirip, onuň täjirleşdirilmegi 2030-njy ýyla çenli amala aşyrylmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: