Iň täze habarlar

Ýaponiýada optiki süýümde maglumat geçirmek boýunça iň ýokary tizlik gazanyldy

06.12.2023 | 13:14 |
 Ýaponiýada optiki süýümde maglumat geçirmek boýunça iň ýokary tizlik gazanyldy

Ýaponiýaly inženerler bir süýümli optiki geçirijiden maglumat geçirmekde täze iň ýokary görkezijini gazandylar. Onuň tizligi sekuntda 22,9 petabite ýa-da 22,9 million gigabite deňdir.

Bu her sekuntda iberilýän dünýädäki ähli internet traffiginden hem takmynan 20 esse köpdür.

Şeýlelikde, “Günüň dogýan ýurdunyň” alymlary ozalky dünýä rekordyny sekuntda 10,66 petabit ýa-da iki esse artdyrdylar. Maglumat 13 kilometr aralyga geçirildi.

Bu netijäni gazanmak üçin Ýaponiýanyň Milli maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy institutynyň (NICT) alymlary köp sanly süýüm optiki ýadrosy we ösen multipleksleşdiriji tehnologiýalary bolan kabeli ulandylar. Inženerler giňişlikdäki bölünişini multipleksleşdirmek arkaly köp ýadroly süýüm (MCF) tehnologiýasyny birleşdirmegi başardylar. Ozal bu ýagdaý dört ýadroly kabeller üçin gysga aralyga (1 km çenli) mümkinç bolupdy.

Köp zolakly we optiki süýümli köp sanly giňişlik kanallary (mysal üçin, 38 ýadroly 3 re modeimli süýümdäki 114 kanal) birikdirmek üçin ýörite köp zolakly “MIMO” atly kabul edijisi ulanyldy.

Inženerleriň pikiriçe, has amatly kodlaşdyrmak arkaly maglumat geçirmek tizligini sekuntda 24,7 petabite çenli ýetirmek hem mümkin bolar.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: