Aşgabat we Duşanbe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşyny gözden geçirdiler we onuň täze geljegini bellediler
28.11.2023 | 20:46 |27-28-nji noýabr aralygynda Duşanbe şäherinde Söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň wise-premýeri Taňryguly Atahallyýew we Täjigistanyň premýer-ministriniň orunbasary Ziýozoda Süleýman Rizoi ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy, energetika we suw hojalygy pudagynda bilelikdäki işleriň güýçlendirilmegi, oba hojalygy bilen birlikde ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, bilim, ylym, lukmançylyk, medeniýet we sport ugurlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak ýaly köp sanly meselä garadylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
HT-yň agzalary işewür gatnaşyklary giňeltmegi, iki ýurtda öndürilen önümler bilen özara tanyşmagy, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmegi we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemegiň tarapdarydyr.
Duşuşykdan soň Söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on ikinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
HT-nyň nobatdaky 13-nji mejlisiniň 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirildi.
ORIENT news