Iň täze habarlar

Türkmenistan we Hytaý halkara awtomobil gatnawlary barada Ylalaşyk baglaşdy

29.11.2023 | 19:44 |
 Türkmenistan we Hytaý halkara awtomobil gatnawlary barada Ylalaşyk baglaşdy

Çarşenbe güni, 29-njy noýabrda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.

1 (1).jpg

Duşuşykda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen 5-nji mejlisden soňky döwürde iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçirilendigi we Komitet tarapyndan kesgitlenen köp meseleleriň ýerine ýetirilendigi bellendi.

2 (1).jpg

Energetika we ulag-logistika pudaklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, energetika, ulag, infrastruktura, oba hojalygy ýaly ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň zerurlygy barada şeýle hem, iki ýurduň telekeçileri üçin ylmy we tehnologiki üstünlikleri alyşmak we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly iş gurşawyny döretmek boýunça bir pikire geldiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

3.jpg

Türkmenistanyň we Hytaýyň tehnologiki ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek we iki ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine itergi bermek üçin täze mümkinçilikler tapmak boýunça uly potensialyň bardygy mälim edildi.

4.jpg

Gepleşikleriň netijesinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň Teswirnamasyna we Ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýa ministrliginiň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna şeýle hem iki ýurduň hökümetleriniň arasynda halkara ýol ulaglary baradaky Ylalaşyga gol çekildi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: