Iň täze habarlar

Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, oba hojalygyň, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy

30.11.2023 | 13:23 |
 Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, oba hojalygyň, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda içerki we daşarky bazara nebithimiýa, oba hojalygyň, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy.

Daşarky bazarda Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewürleri ýerli kärhalardan çig gabardin matasyny we nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginden çig ýag turşulygyny we pagta galyndylaryny, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden aşgarlanmadyk we nah matalaryny, şeýle-de türkmen el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 7 121 163,01 manada we 155 680,00 ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: