Iň täze habarlar

Täjigistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň wise-premýeri döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar

29.11.2023 | 18:11 |
 Täjigistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň wise-premýeri döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Tangryguly Atahallyýew gazanylan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmek we täzelerini öňe sürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn duşuşyk sişenbe güni Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik toparynyň mejlisiniň çäklerinde geçirildi.

Emomali Rahmon şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana eden döwlet saparynyň oňyn netijelerini belläp, Täjigistan tarapynyň bu sapar wagtynda gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmek üçin giňişleýin meýilnama kabul edendigini aýtdy.

Täjik Lideri Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik toparynyň alyp barýan işleriniň iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge ýardam etjekdigine umyt bildirdi.

ORIENT news

Foto: mfa.tj

Şeýle hem okaň: