Iň täze habarlar

Aşgabatda “Haýdar Alyýew – Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň doganlygy” atly dost-doganlyk konserti we surat sergisi geçirildi

29.11.2023 | 12:32 |

Düýn, Aşgabadyň gözel künjeginde, Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda Azerbaýjan Respublikasynyň Umumymilli Lideri Haýdar Alyýewiň 100 ýyllygyna bagyşlap, “Haýdar Alyýew – Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň doganlygy” atly dost-doganlyk konserti we surat sergisi geçirildi.

Konsertde ýatdan çykmajak aýdym-sazlary bilen Azerbaýjanyň “Mukam” aýdym saz toparynyň zehinli ussatlary Elgiz Aliýew, Raşat Ibragimow, Täbriz Ýusubow çykyş etdiler.

Şeýle hem bu ajaýyp agşamda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda, Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Azerbaýjan halkynyň ajaýyp mukamlary belentden belet ýaňlandy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zehinli aýdymçylary Mansur Şaripow we Dünýägözel Begaliýewa azerbaýjan dilinde ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: